Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Türkmenhowaýollarynyň» awiapeteklerini onlaýn arkaly alyp bolar

04:4926.07.2017
0
16683

Türkmenistanda «Türkmenhowaýollarynyň» awiapeteklerini ýakyn wagtlarda Altyn Asyr, Visa we Mastercard kartlary arkaly alnyp bolar. Soňky maglumatlara görä, eýýäm bu ugurda degişli synaglar geçirildi.

Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» kompaniýasynyň öz web saýty hem täzelenilýär (obnowlýat edilýär). Ol ýerde amatlylyk üçin petek bronlap, ony Internet arkaly satyn alyp bolar. Öňde boljak Aziada — 2017-niň geçýän günleri Türkmenistana gelmek isleýän syýahatçylar üçin hyzmatlaryň bu görnüşi diýseň ýerliklidir.

Awiapetekleri diňe bir «Türkmenhowaýollarynyň» web saýtynyň üsti bilen däl, eýsem, Altyn Asyr milli kartynyň Internet bankinginiň üsti bilenem alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň