Soňky habarlar

Arhiw

Ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan 15-nji tapgyryň gurluşygy bilen tanyşdy

04:2026.07.2017
0
8493

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr. Tutuşlygyna alnanda, taslama boýunça iki gatly kottejleriň 208-sini, 12 gatly jaýlaryň 18-sini we 3-4 gatly jaýlaryň 16-syny, şeýle hem öz içine söwda merkezlerini, çagalar bagyny, mekdebi we beýlekileri alýan durmuş düzümli birnäçe degişli desgalary gurmak göz öňünde tutulypdyr. Täze binalary gurmak üçin paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginden giň meýdan bölünip berlipdir. Häzirki wagtda bu ýerde hil taýdan täze şäher gurşawy döredilýär.

15-nji tapgyryň desgalarynyň gurluşygyny alyp barmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Kottejler babatda aýdylanda bolsa, olaryň gurluşy iki ugurda—taslama boýunça ýa-da geljekki jaý eýesiniň isleglerine görä ýerine ýetirildi. Ähli jaýlarda döwrebap garaž, degişli tehniki desgalar we beýleki jaýlar bar.

Her biri 350 inedördül metrden gowrak kottejler özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýar, olaryň gurluşygynda döwrebap ekologik gurluşyk, keramzit we gaz beton bloklary ýaly bezeg we üçeklik materiallar, keramogranit, bassyrmalyk we beýleki serişdeler ulanyldy. Jaýlar ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen bir hatarda zerur bolan ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen özbaşdak enjamlaşdyrylandyr.

Bu ýerde peýdalanylan gurluşyk serişdeleri täze tehnologiýalar esasynda taýýarlandy. Şeýle hem aşhanada goýlan mebeller birleşigiň agzalary bolan hususy kärhanalarda taýýarlanyldy.

Ähli amatlyklary bolan 48 we 72 öýli belent jaýlar ähli ölçegleri boýunça ýokary derejeli rahatlyk şertleri bilen üpjün edilipdir. Bu täze salnan 12 gatly jaýyň öýleri belent potoloklary we giň ýaşalýan otaglary bilen tapawutlanýar. Öýleriň ýyladylyşy we sowadylyşy merkezleşdirilen ulgama birikdirilendir. Meýdançanyň ýanaşyk ýerlerinde köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin ýerler bilen üpjün edilen we çagalar üçin oýun meýdançalary gurnalypdyr.

Döwrebap enjamlar toplumy bilen ähli amatlyklary bolan üç otagly hem-de dört otagly jaýlaryň ýaşaýjylary üçin döwrebap amatlyklaryň doly toplumy kepillendirilýär. Olaryň her birinde lift gurnalandyr. Üç gatly sekiz jaýda umumy meýdany 222 inedördül metrden gowrak ýokary amatlykly alty sany giň öýler ýerleşdirilendir. Ýerzemin gatda giň türgenleşik otagy ýa-da goş saklamak üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutulypdyr. Dört gatly jaýlarda her biri 253 inedördül metrden gowrak sekiz sany öý ýerleşdirilendir. Jaýlaryň ýanynda gurlan awtomobil duralgalary hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda bolar.

Binagärleriň we taslamaçylaryň pikirleri boýunça paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň merkezi böleginde täze seýilgäh zolagyny gurmak göz öňünde tutulýar. Ulag düzüminiň göz öňünde tutulmagy bolsa, ýaşaýyş jaýlaryna amatly barmagy hem-de şäheriň beýleki künjeklerine amatly gitmek mümkinçiligini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumy hem-de onuň täze ýaşaýjylary kabul etmäge taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda amala aşyrylýan hem-de adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň üpjün edilmegine we oňaýly şäher gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilen şähergurluşyk konsepsiýasynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigini nygtady. Soňky ýyllarda aşgabatlylaryň müňlerçesi ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndaky amatly öýleriň eýeleri boldular, ol jaýlar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini düýpli özgerdýär.

Milli Liderimiz iş saparynyň jemlerini jemlemek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we şäher jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, ähli bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de olary ulanmaga bermegiň bellenilen möhletleriniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň