Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň täze edara binasy

03:4826.07.2017
0
10841

Döwlet Baştutany Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.

Bu ýerde işlemek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan häzirki zaman kompýuter we edara enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we döwrebap iş mebelleri bilen üpjün edilen iş otaglary bar. Binanyň içinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň 6-sy—Demokratik partiýa we Agrar partiýa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda “tegelek stollary”, duşuşyklary, ýygnaklary, maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan 5 sany 20 orunlyk, 2 sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda ajaýyp şekilde bezelen dürli maslahatlary geçirmek üçin uly mejlisler zaly bar. Binanyň üçünji gatynda hormatly Prezidentimiziň görnükli eserleri, şeýle hem beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Edara binasynyň içki bezegi üçin ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleri we döwrebap bezeg gymmatlyklary ulanylypdyr.

Binanyň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerinde bassyrmaly açyk awtoduralga hem göz öňünde tutulypdyr. Onuň ýerzemin gatynda awtoduralga, arhiw we ammar jaýlary ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň