Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary döwletara gepleşikleriniň ösýändigini tassykladylar

23:5524.07.2017
0
519
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanlary döwletara gepleşikleriniň ösýändigini tassykladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen Lideri öz gyrgyz kärdeşini doganlarça mähirli mübärekläp, doglan gününe Tirasko atly ajaýyp tohum bedewini sowgat iberendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de muňa ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky hakyky dostlugyň we hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy, biziň halklarymyzy taryhy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan döwletara gepleşiklerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli ýagdaýda geçirilýän şahsy duşuşyklaryň hem-de özara saparlaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Olaryň netijesinde biziň ýurtlarymyz syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykdylar.

Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem köptaraply görnüşde, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanlary giň ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek, işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak we beýlekiler üçin amatly şertleri döretmek meselelerini bilelikde işläp taýýarlamagyň maksada laýyklygy bellenildi. Söhbetdeşler şeýle hem ylym-bilim we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmek, sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýändigini belläp, Prezident Almazbek Atambaýewi bu iri yklym derejeli ýaryşlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň