Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen Lideri Ram Nath Kowindi Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

06:0222.07.2017
0
4139

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, geljekde hem iki halkyň bähbidine gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hindistan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we bagt, dostlukly hindi halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň