Mary şäherinde Iç keselleri hassahanasynyň täze binasy açyldy

04:0621.07.2017
0
15118

Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Maryda açylan hassahana näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak, dürli iç keselleriniň öňüni almak we bejermek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Öňdebaryjy enjamlar hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hassahana dört gatly binada ýerleşýär. Hassahana toplumy ilata stasionar şertlerde hyzmat etmäge gönükdirilendir hem-de jemi 205 orunlyk hirurgiýa, umumy terapiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa bölümlerini birleşdirýär.

Hassahananyň birinji gatynda reanimasiýa merkezi ýerleşýär. Şol ýerde emeli dem alyş enjamy, ykjam ultrases barlag enjamy, elektrokardiograf, rentgen, kardiomonitorlar we beýleki zerur bolan enjamlar lukmanlaryň ygtyýaryndadyr. Bu ýerdäki barlaghana bölümi umumy kliniki, bakteriologiki we biohimiki barlaglaryny geçirmäge niýetlenendir.

Binanyň ikinji we üçünji gatlary dikeldiş terapiýasyny geçirmek üçin niýetlenendir. Olarda dürli çäreler arkaly bu ýere gelýänleriň saglygyny saklamak we berkitmek göz öňünde tutulandyr. Wannalaryň, Şarko duşlarynyň, infragyzyl şöhleleriň, ozokeritiň we melhemli palçyklaryň kömegi bilen keseller bejerilýär. Fizioterapiýa bölüminiň otaglary hem döwrebap enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde manual terapiýa, iňňe sanjym usullary, oňurga kesellerini bejermek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ulanylýar. Bejeriş-sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmak üçin niýetlenen giň otaglar ýörite trenažýorlar bilen üpjün edildi. Ýatylýan otaglar merkezleşdirilen ýylylyk we howany sowadyjy ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy, olarda telewizorlar, sowadyjy enjamlar ornaşdyryldy.

Hassahananyň dördünji gatynda ýokary takyklykdaky endoskopiýa enjamlary, şol sanda bütin dünýäde meşhur “Karl Storz” nemes kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen üç sany operasiýa otagly iki hirurgiýa bölümi ýerleşýär. Bu önüm öndürijiniň enjamlarynyň artykmaçlygy sanly ýazgylary işläp taýýarlamakdan we şekilleri hem-de wideoparçalary arhiwleşdirmekden ybaratdyr. “Dräger” kompaniýasynyň “Fabius Tiro” innowasion ulgamlarynyň hem-de “Heyer Medikal AG” kompaniýasynyň enjamlarynyň kömegi bilen anesteziýa we emeli dem alyş çäreleri geçiriler. Olar çylşyrymly operasiýalaryň birbada birnäçesiniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder.

Önüm öndüriji kompaniýalaryň kärhanalarynda okuwlar guraldy, olarda türkmen lukmanlary ýörite taýýarlygy geçdiler. Hassahanada uruş weteranlarynyň saglygyny bejermäge aýratyn üns berler.

Dermanhana häzirki zaman hassahanalarynyň esasy bölekleriniň biri bolup durýar. Şu hassahanada ýerleşýän dermanhanada zerur bolan dermanlaryň we lukmançylyk serişdeleriniň ählisi, şol sanda ýurdumyzyň derman senagatynda öndürilen önümler bar.

Hassahananyň binasynda 180 orunlyk uly maslahatlar zaly hem-de 50 orunlyk kiçi zal ýerleşdirildi. Bu ýerde internet hyzmatlary hem elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň