Arhiw

Halkara umman instituty Hazarýaka ýurtlarynyň hünärmenleri üçin Aşgabatda okuw geçirýär

11:5118.07.2017
0
3915

Türkmen paýtagtynda “Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly 5 günlük okuw geçirilýär, ony Halkara umman instituty (International Ocean Institute - IOI) Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy bilen bilelikde guraýar.

Ähli Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri, ýurdumyzyň deňiz giňişliklerini we kenarýaka çäklerini meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda tebigy serişdeler, balyk hojalygy, syýahatçylyk, ulag, deňiz serişdelerini işläp taýýarlamak, şeýle hem Hazar deňzinde pudagara utgaşdyrmak işleri bilen meşgullanýan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri okuwlaryň diňleýjileri boldular.

Okuwa gatnaşyjylar bu okuwyň tejribe babatynda uly ähmiýetini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hazar deňziniň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin aýratyn hoşallyk beýan edildi. Okuwyň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi, onuň dowamynda möhüm wezipeler hem-de sebitiň durnukly ösüşiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

“Deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmak” atly interaktiw okuwy Durnukly ösüş we Hazar deňzini dolandyrmak boýunça bilim maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär we deňiz hem-de kenarýaka zolaklaryň meýilnamalaşdyrylmagyna ekoulgamlaýyn çemeleşmek esaslarynda guralandyr, ol iş ýüzündäki wezipeleri öz içine alýar. Sebitleýin taslama Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar.

Bu okuw deňiz we kenarýaka ekoulgamlaryna düşünmek bilen baglanyşykly deňiz giňişligini meýilnamalaşdyrmakda iş usullarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Kenarýaka zolaklarynda we deňizde iş geçirilende dürli edaralaryň bähbitleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna diňleýjileriň aýratyn ünsi çekildi. Okuwyň wezipeleri seljermek işleriniň kämilleşdirmekden, gepleşikleri alyp barmagyň, bu mesele boýunça jemagat öňünde çykyş etmegiň “tehnologiýalaryny” özleşdirmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň