Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan — BMGÖM: adam hukuklary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

11:5018.07.2017
0
3465

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynda “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary baradaky hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylaryň bähbidiniň goralmagyna, olaryň syýasy, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer hukuklarynyň we raýatlyk azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleri amala aşyrmak Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryny, şol sanda adam hukuklary baradaky çözgütlerini tassyklap, ýurdumyz bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.

Geçen ýylda kabul edilen ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, adamlaryň we her bir raýatyň hukugynyň hem-de azatlygynyň döwlet goraglylygyna kepili üpjün etmek, olaryň döwlet häkimiýet guramalary, ýerli öz-özüňi dolandyryş guramalary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ýerine ýetirilmegini hem-de oňa hormat goýulmagyny ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Pudagara toparyň alyp barýan işjeň çäresi barada aýdyldy. Milli kanunçylyk we hukuk ulanyş tejribesini halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek bu düzümiň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar “2016—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň netijelerine bilermenleriň aýdan tekliplerini we belliklerini, şeýle hem häzirki zamanyň talaplaryna we halkara ülňülerine laýyklykda oňa gözegçilik etmegiň ulgamy boýunça işläp taýýarlamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň