Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet muzeýinde ekerançylyk däplerine bagyşlanan sergi öz işine başlady

17:2316.07.2017
0
8178

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda “Ak bugdaýyň mekany” atly sergi guraldy.

Sergä gatnaşyjylara asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşylandy we olar saçak başyna çagyryldy. Myhmanlaryň türkmen çöregi, pişme, külçe ýaly milli tagamlar hödürlenildi.

Sergä gatnaşyjylar muzeýiň işgärleriniň adamzat taryhynda ilkinji bolup, türkmen topragynda bugdaýyň we arpanyň ösdürilip ýetişdirilendigi, ak bugdaýdan tagamly çörekleriň bişirilendigi baradaky gürrüňlerini diňläp, serginiň önümleri bilen tanyşdylar. Muzeýiň eýwanynda ekerançylygyň gadymy däpleri, pederlerimiziň ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak hakynda eden yzygiderli aladalary barada gürrüň berýän gymmatlyklar goýlupdyr. Häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän milli ekerançylyk däpleri täze tehnikalaryň mümkinçilikleri, ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, häzirki zaman ekerançylyk medeniýetiniň esasyny düzýär. Şunlukda, Türkmenistan dänäni eksport edýän ýurtlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar.

Ak bugdaýyň sünbülleri serginiň baş bezegine öwrüldi. Halkymyz ekerançylygyň gadymy medeniýetini döretmek bilen, müňýyllyklaryň dowamynda ekerançylyk meýdanlaryny özleşldirip, bu ugurda toplan baý tejribelerini nesilden-nesle geçiripdirler. Ekerançylyk medeniýetiniň köp asyrlyk milli däpleri hakynda sergi gymmatlyklary giňişleýin düşünje berýär. Bu ýerde zähmet gurallary, ýerleri işläp bejermekde gadymy döwürlerde ulanylan senetler, ak bugdaýyň ýetişdirilişi, dänäniň üwelişi görkezilýär. Şeýle hem gadymy döwürde pederlerimiz bugdaýy el, suw we ýel degirmenleri arkaly üwäpdirler hem-de mukaddes tamdyrlarda datly çörekleri bişiripdirler. Sergide tamdyrlaryň kiçeldilen görnüşleri goýlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň