Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

17:2116.07.2017
0
400
Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň tehnika önümleriniň birnäçesini satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt walýutasyna dürli reňkli ýumşak nah ýüplük önümleri satyldy. Olary Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gruziýa we beýleki döwletler satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 535 müň manatdan gowrak azyk bugdaýyny satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň