Paýtagtymyzda ýol-ulag mümkinçilikleri ýokarlanýar

17:2016.07.2017
0
10947

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen utgaşdy. Şäheriň ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmeginde möhüm orun eýeleýän täze köçe açyldy. Onuň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk serişdeleri işjeň peýdalanyldy. Umumy uzynlygy 4 müň metrden gowrak bolan bu ýoluň gurluşygy häzirki zaman talaplaryna we halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Onuň ugrunda inženerçilik ulgamlary bilen bir hatarda degişli ýol belgileri döwrebap yşyklandyryş ulgamy çekildi we ugurdaş desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň halkara howa menziliniň golaýynda köçäniň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlandy.

Uly ýollaryň çatrygynda üç sany ägirt uly monitorlar oturdylyp, olarda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň sport babatda görkezýän üstünlikleri barada gürrüň berýän şekiller, Aziadanyň nyşanlary barada gürrüň berilýär. Merkezi monitoryň ini 18 metre, beýleki ikisiniň ini bolsa 10 metre barabardyr.

Hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, köp sanly çagalar hem-de medeniýet-sungat işgärleri baýramçylyk äheňinde bezelen awtobuslara münüp, täze ýol bilen rowana boldular. Olaryň yzysüre ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar bile gabat gelen toý gelinalyjylary ýola düşdüler.

Tutuşlygyna aýdym-sazlara, şatlyk-şowhuna beslenen dabaralara gatnaşyjylar Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň N.Andalyp köçesi bilen kesişýän ýerinde oturdylan “Şahyr” binasynyň ýanynda saklandylar. Köpçülikleýin çärä gatnaşýan çagalar dürli reňkli howa şarlaryny asmana uçurdylar. Bu görnüşler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly wakalara beslenýändigini äşgär etdi. Soňra bu ýerde körpe nesilleriň gatnamagynda milli küşt depdi tansyna orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň