Bosagada — futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy

20:5514.07.2017
0
192
Bosagada — futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy

27-nji iýulda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogy ugrunda 24-nji gezek geçirilýän ýaryşa badalga berler. Kubok ýaryşyna bu ýyl Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlar gatnaşar. 27-nji we 30-njy iýulda deslapky tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» hem-de Daşoguz şäheriniň «Daşoguz» toparlarynyň arasynda geçjek duşuşyklaryň ýeňijisi ýarşyň çärýek finalyna çykmaga hukuk gazanar.

Çärýek finalyň duşuşyklary 2-nji we 8-nji awgustda geçiriler. Olarda «Balkan» bilen «Ahal», «Aşgabat» bilen «Altyn asyr», «Merw» bilen «Energetik» «Şagadam» bilen deslapky tapgyryň ýeňijisi duşuşar.

Ýaryşyň ýarym final duşuşyklary 13-nji we 16-njy oktýabrda geçiriler. Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan toparlar 28-nji oktýabrda geçiriljek jemleýji duşuşyga çykmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň Kubogy Milli çempionatymyzdan soňra futbol boýunça geçirilýän iň iri milli ýaryş bolmak bilen, ol eýýäm ilkinji duşuşyklardan başlap, janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Kubogyň ýeňijisi bolan topar öňümizdäki ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşa goşulmaga hukuk gazanýar.

«Köpetdag» türkmen futbolynyň taryhynda bu arzyly kuboga iň kän mynasyp bolan topardyr. Jemi 9 gezek finala çykan topar ýurdumyzyň kubogyny 6 gezek gazandy. Ikinji orundaky «Balkan» bolsa jemi sekiz finalda çykyş edip, şolaryň dördüsinde kubogy muzeýine alyp gitdi. Kuboga soňky iki möwsümde Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary mynasyp boldy. «Aragatnaşykçylaryň» umulykda üç kubogy bar. «Ahal» hem-de «Garagum» toparlary kubok ýaryşynyň finalynda ýeňlip görmedik toparlardyr. Tersine, «Aşgabat» (iki gezek final duşuşygyna gatnaşdy) we «Asudalyk» (bir final) toparlary gatnaşan final duşuşyklarynda kuboga mynasyp bolup bilmediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň