Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 19 ýaşa çeni ýetginjekler ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

02:1514.07.2017
0
973

Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen ýetginjekler ýygyndysy Belarus Respublikasynda geçýän okuw-türgenleşikleriniň çäginde Minsk şäheriniň adybir topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 2:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Ilkinji ýarym sagatda geçirilen gollaryň ikisiniň hem awtory «Köpetdagyň» ýaş wekili Baýramhan Kadyrowdyr. 23-nji minutda Meýlis Diniýewiň geçiren pökgüsini derwezä dürs gönükdiren ýaş zehin 29-njy minutda Welmyrat Ballakowyň pasyny hem gola öwürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň