Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liganyň wekilleri ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýärler

02:0214.07.2017
0
962

Şu günler Marynyň «Energetik» futbol topary paýtagtymyzda türgenleşik işlerini alyp barýar. Topar türgenleşikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» futbol toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

11-nji iýunda «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşykda «Energetik» ilki bolup hasaby açan hem bolsa, artykmaçlygy oýnuň ahyryna çenli saklamak topara eýgertmedi. Oýnuň gidişinde «Köpetdagyň» futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

12-nji iýulda «Aşgabat» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda hasap açylmady.

Yzda galan 16 duşuşykdan 24 utuk toplan «Energetik» çempionatda häzirlikçe bäşinji basgançagy eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň