«Ahal» Minski şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

01:5714.07.2017
0
1176

Häzirki günlerde Belarusyň paýtagty Minski şäherinde okuw-türgenleşigini geçýän «Ahal» futbol topary 12-nji iýulda Nowopolosk şäheriniň «Naftan» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Internet sahypalarynda berilýän maglumata görä, pökgini «Ahalyň» gözegçilikden geçirýän täze futbolçysy geçiripdir. Gol pasyny bolsa Myrat Annaýew beripdir.

Geçen möwsümde Belarus Respublikasynyň futbol çempionatynyň 15-nji basgançagyny eýelän hem bolsa, «Naftanyň» muzeýleri kuboklara baý. 2008-2009 we 2011-2012-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Belarusyň kubogyna mynasyp bolan topar 2007-nji ýylda Federasiýanyň kubogyny hem gazandy. «Naftanyň» ýerli çempionatdaky iň gowy görkezijisi bolsa 2009-njy ýylda eýelenen dördünji orundyr.

«Ahalyň» Minski şäherindäki türgenleşigi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň