Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetinjekler futbol ýygyndysy Dubaýda türgenleşiklere girişdi

01:5414.07.2017
0
4814

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndy topary (U-23) tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw türgenleşik ýygnanşygyna gitdi. Bu ýerden türkmen futbolçylary 19 — 23-nji iýul aralygynda geçiriljek Aziýa çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Katara gider.

Ýetginjekler ýygyndymyzyň baş tälimçisi bu gezekki ýygnanşyga we saýlama duşuşyklara 23 futbolçyny çagyrdy, olaryň 3-si derwezeçi, 8-si goragçy, 10-sy ýarym goragçy we 2-si hüjümçidir.

13-nji iýulda Ahmet Agamyradowyň şägirtleri «Al Hamriya Sports Club» stadionynda «Dubai City» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlar.

Türgenleşikden soňra, ýygyndy toparymyz Doha şäherine uçar. Ildeşlerimiziň indiki ýyl geçiriljek 23 ýaşa çenli ýetginjekleriň yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň «C» toparçasynda Kataryň, Siriýanyň we Hindistanyň ýetginjekler ýygyndylary bilen duşuşar.

Okyjylarymyzy Türkmenistanyň U-23 ýetginjekler ýygyndysy bilen tanyşdyrýarys:

Derwezeçiler: Ybraýym Nyýazberdiýew («Ahal»), Döwletýar Berdiýew («Altyn asyr»),  Muhammet Öwezow («Merw»).

Goragçylar: Bagtyýar Gürgenow, Hoşgeldi Hojowow, Azady Annadurdyýew (ikisi-de — «Aşgabat»), Ylýas Berenow («Talyp sporty»), Ionel Kosofana («Şagadam»), Döwletgeldi Mirsultanow («Altyn asyr»), Selim Ataýew («Energetik»), Möwlamberdi Goşşanow («Köpetdag»).

Ýarym goragçylar: Begenç Akmämmedow, Yhlas Saparmämmedow, Begmyrat Baýow, Şiri Annaýew («ählisi — «Ahal»), Berdimyrat Rejebow, Baýramgeldi Nurlyýew, Guwançmyrat Gurbangeldiýew, Röwşengeldi Halmämmedow («ählisi — «Köpetdag»), Mekan Aşyrow («Altyn asyr»), Ilýas Akyýew («Aşgabat»)

Hüjümçiler: Akmämmet Metdäýew («Balkan»), Resul Hojaýew («Altyn asyr»).

Dolandyryjylar: Babanazar Haknazarow — dolandyryjy, Ahmet Agamyradow — baş tälimçi, Fazil Mämmedow — tälimçi, Waleriý Kirillow — tälimçi, Röwşen Batyrow — massažçy, Kyýas Hajyýew — lukman, Denis Gorbunow — adminstrator.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň