Aşgabatda geçirilen pudagara iş toparynyň mejlisinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işlere syn berildi

06:1213.07.2017
0
5794

12-nji iýulda Aşgabatda pudagara iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işlere syn berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan duşuşyga esasy ylmy-kliniki merkezleriň, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň  barşynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda, “Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň 2015—2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen milli strategiýanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabatlar diňlenildi.

Pudagara toparyň mejlisiniň barşynda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi, onuň ruhy saglygy we beýlekiler boýunça kabul edilen anyk çärelere uly üns berildi. Bu ugurlarda işleriň yzygiderli geçirilmeginiň özi türkmenistanlylaryň saglygy bilen bagly meselelere döwlet çemeleşmesiniň toplumlaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşyp, saglygy goraýyş ulgamynda milli maksatnamalary we taslamalary ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň