Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «John Deere» kompaniýasynyň zawodlarynda boldy

23:5812.07.2017
0
9507

Şu günler Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän “Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly

bilelikdäki işewürler maslahatynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri GFR-iň iri maşyngurluşyk kärhanalaryna baryp gördüler. Türkmen wekiliýeti Mangeým, Bruhzal hem-de Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň iri zawodlarynda bolup, işleriň guralyşy we çykarylýan önümler bilen tanyşdy, şeýle hem Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezinde boldy.

«John Deere» kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda işleýän dünýä belli amerikan kompaniýasy oba hojalyk tehnikalarynyň iň häzirki zaman nusgalaryny hödürleýär. Hyzmatdaşlygyň şu döwründe «John Deere» kompaniýasynyň enjamlary ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda artykmaçlyklaryny görkezdiler. Ekerançylarymyz olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasy bilen 1 müň 350 sany oba hojalyk tehnikasyny, şol sanda galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň, azallaryň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we beýleki serişdeleriň iri tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Tehnikalar 2017—2018-nji ýyllaryň dowamynda getiriler.

Swaýbrýukken şäherinde ýerleşýän zawod ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynda aýratyn gyzyklanma döretdi, bu zawodda galla orýan kombaýnlary, şol sanda «John Deere W540» kombaýnlaryny ýygnaýjy bölüm bar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bu görnüşli tehnikalaryň uly tapgyryny satyn aldy, şeýlelikde, hünärmenlerimize ýerinde önümçilik tehnologiýasy bilen tanşyp, işleriň hiline baha bermäge mümkinçilik döredildi.

Türkmen hünärmenleri üçin maşyn gurluşyk zawodlarynyň tehniki we tehnologiýa mümkinçilikleri bilen tanyşmakdan başga-da, «John Deere» tehnikalaryny dolandyrmak boýunça tälim beriş okuwlary, şeýle-de “Oba hojalygyny dolandyrmak” atly tanyşdyryş çäresi guraldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň