Türkmen paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary

04:2111.07.2017
0
19550

10-njy iýulda ak mermerli paýtagtymyzda täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary geçirildi. Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 316-sy ulanmaga berildi. Olara 330-dan gowrak maşgala göçüp bardy. Şeýle hem “Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkezi açyldy, ol A.Nowaýy köçesiniň Görogly şaýoly bilen kesişýän ýeriniň golaýynda ýerleşýär.

Paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan gurluşyk kompaniýalary tarapyndan iki gatly kottejler toplumy bina edildi. Olaryň 16-sy 2 maşgala üçin niýetlenendir. Bu iri maýa goýum taslamasyna 2014-nji ýylda badalga berildi. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin bu ýerde 70 gektar ýer bölünip berildi. Gurlup, ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda meýdany 315 inedördül metrden geçýän öýler hem-de meýdany 305,83 we 298,09 inedördül metre deň bolan 5 otagly kottejler hem bar.

Ähli binalar özboluşly binagärlik görnüşine eýedir, olarda özbaşdak durmuş üpjünçilik ulgamlary döredilendir: ýyladyş we jaýlaryň howasyny tämizleýiş ulgamlary, zerur gaz, elektrik enjamlary bilen üpjün edilendir, telewideniýe, internet hem-de telefon aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilendir. Öýler göwnejaý derejede meýilnamalaşdyrylypdyr. Täze jaýlarda göz öňünde tutulan giň otaglar, myhman otagy, eýwan, ýatylýan otaglaryň birnäçesi hem-de beýleki jaýlar amatlylyk babatda ýokary talaplara laýyk gelýär. Kottej jaýlarynyň her biriniň ýanynda mellek ýeri we şahsy awtoduralga bar.

Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr, awtomobil ýollary çekilipdir, olaryň umumy uzynlygy 9 kilometre, ini 9 metre deňdir. Şeýle hem bu ýerde ýanýodalar, gül ekilen ýerler, yşyklandyryş çyralary gurnalypdyr. Suw üpjünçilik we lagym ulgamlaryny döretmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirilipdir.

“Altyn zaman” söwda we hyzmatlar merkeziniň täze dört gatly binasynyň meýdany 2945,83 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde aşgabatlylaryň durmuş hyzmatlaryna bolan barha artýan isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Ajaýyp tekjeler bilen bezelen täze desgada milli binagärlik, nusgawylyk we döwrebaplyk sazlaşykly utgaşýar. Binanyň birinji we ikinji gatlarynda hojalyk-durmuş harytlaryny, gurluşyk serişdelerini we mebelleri, elektron we durmuş tehnikalaryny, haly önümlerini we beýleki harytlary hödürlemäge ýöriteleşdirilen dükanlar ýerleşdirilipdir.

Dizaýnerler haly önümlerini we halk amaly-haşam sungatynyň önümleri ýerleşdirilen söwda öýüni bezemäge döredijilikli çemeleşipdirler. Bu ýerde owadanlygy bilen haýran galdyrýan halylary we el halylaryny, şeýle hem bezegli tahýalary we beýleki nepis tikin önümleriniň nusgalaryny görmek bolýar.

Göwnejaý enjamlaşdyrylan, bezeg taýdan özüne çekýän bu tekjeler ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny pugtalandyrýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine, ösen tehnologiýasyna eýerýän önüm öndürijilerimiziň ajaýyp gazananlaryny beýan edýär. Söwda zallarynyň owadanlygy we giň möçberliligi, alyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň degişli derejesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, merkeziň binasynda dolandyryş, edara, şeýle hem kömekçi we ammar jaýlary ýerleşýär. Merkeziň daşky bezeginde ak mermer we çal reňkli granit ulanylypdyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň