Türkmenistan — Germaniýa: işewür hyzmatdaşlyk ösdürilýär

04:1111.07.2017
0
10274

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti GFR-e bardy, bu ýerde şu gün “Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewür çäräniň birinji güni geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işini täze derejä çykarmak maksadynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri, şol sanda nemes önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belleýär. Şu günki çäre Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, daşarky bazarda ýurdumyzyň pudaklarynyň ornuny berkitmäge, olaryň eksport, innowasion we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

GFR bilen nobatdaky bilelikdäki çäräniň maksatnamasynda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň resmi duşuşyklarynyň tapgyry, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň “Neufeld” kompaniýasynyň önümçilik bölümlerine baryp görmegi ýaly çäreler göz öňünde tutuldy. Bu kompaniýa azyk senagatynda ýöriteleşdirilip, “BASF” iri himiýa konserniniň “SAP SE” programma üpjünçiligini öndüriji bolup durýar.

Gepleşikler we geňeşmeler özara gatnaşyklara täze çemeleşmeleri, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, işewür gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemäge we ylalaşmaga bagyşlandy.

Milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny artdyrmak, iri möçberli taslamalara täze serişdeleri çekmek köp babatda kompaniýalaryň, işewür toparlaryň wekilleriniň, dünýä işewürligi babatda seljerijileriň we bilermenleriň maglumatlar bilen üpjünçiligine bagly bolýar.

11-nji iýulda türkmen-german işewürler maslahaty, türkmen önümleriniň sergisi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçiriler.

Garaşylyşy ýaly, maslahatyň işine GFR-iň döwlet kärhanalarynyň we edaralarynyň wekilleriniň 100-e golaýy, kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, maşyngurluşygy, oba hojalygy we azyk senagaty, ulag we logistika, kommunikasiýa pudaklary, bank işi, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ýaly ugurlarda işleýän nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, biziň ýurdumyzyň Maýn boýundaky Frankfurtdaky konsullygy, şeýle hem “SAP SE” we “CLAAS” kompaniýalary çäräniň jogapkär guramaçylary bolup durýarlar.

Gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryny meýilleşdirmek boýunça täze teklipler girizildi. Taraplar hyzmatdaşlykdan köp zada garaşýarlar hem-de özara mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak hakynda işewür pikirleri ara alyp maslahatlaşarlar, ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy, önümçilige, senagat düzümine ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy nazara almak bilen ara alyp maslahatlaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Biz gerimi boýunça aýgytly, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwründe ýaşaýarys. Olar ykdysady hyzmatdaşlygyň kerwenbaşysy bolup, ony ösdürmegiň täze sepgitlerini açyp bilerdi” diýip belleýär.

Forumda döwletimiziň ykdysady kuwwatyna hemmetaraplaýyn baha berler, dürli pudaklarda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler häsiýetlendirilip, has ähmiýetli görkezijiler we olary ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar, Türkmenistanyň we GFR-iň arasyndaky haryt dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy seljeriler hem-de iki ýurduň bähbitlerini nazara almak bilen onuň möçberlerini has-da artdyrmak üçin çäreler ylalaşylar.

German kompaniýalary ýurdumyzda uzak möhletleýin taslamalary amala aşyrmaga uly goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda “Siemens”, “Daimler”, “CLAAS”, “Rohde & Schwarz”, “Dresser-Rand” ýaly kompaniýalaryň Türkmenistanda köpýyllyk we netijeli işlerini görkezmek bolar.

German işewür toparlaryny gyzyklandyryp biljek uly ugurlaryň hataryna Türkmenistanda döwrebap, multimodal ulag düzümini ösdürmek degişli bolup durýar. Häzir ýurdumyzda iri ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň—awtomobil we demir ýollarynyň giň gerimli ulgamy döredilýär, howa ýük daşamalary we deňiz gämiçilik pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Hususan-da, Türkmenistan Hazaryň kenarynda täze Türkmenbaşy portuny gurýar, ol yklymda esasy logistik merkezleriň birine öwrüler.

Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykmak bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Günorta — Demirgazyk” ugurlary boýunça sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlyk strategik ugur bolup durýar.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda iri awia daşaýjy “Lýuftganza”, Germaniýanyň ulag-ekspedisiýa kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin mümkinçilikler bar.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň hem geljegi uly bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýangyç serişdeleriniň iberilmegini özleşdirmegi ugur edinýär, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara, şol sanda Ýewropa bazarlaryna çykarmagyň köpugurly şahalaryny döretmek ugrunda çykyş edýär.

Germaniýanyň nebit-gaz senagaty enjamlaryny öndürýän kompaniýalary üçin ýurdumyzyň durmuşa geçirýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de soňra onuň esasynda polietilen, polipropilen, sintetiki benzin hem-de beýleki önümleri öndürmek boýunça kärhanalar ýaly iri desgalar uly mümkinçilikleri açýar. Bularyň ählisi dünýäniň himiýa senagatynda işleýän ägirt uly düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň meýdançadyr.

Türkmenistan şeýle hem elektroenergetika we elektrotehniki pudaklarda, şol sanda Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Obasenagat toplumy hem-de Türkmenistana oba hojalyk tehnikasyny ibermek babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ulgamy bolup durýar.

Lukmançylyk senagaty we farmasewtika, biotehnologiýa, optika, syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. “Siemens”, “Hospitalia international”, “Fresenius Medical Care”, “Drager” we “B.Braun” kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary hem-de derman serişdeleri ýurdumyzda uly islegden peýdalanýar.

Türkmenistan Germaniýanyň maliýe ulgamynyň döredilmeginiň hem-de üstünlikli hereket etmeginiň, onuň maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň oňyn tejribesini özleşdirmäge hem-de ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler. “Doýçebank” we “Komersbank” döwletimiziň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarydyr, olar beýleki nemes maliýe edaralarynyň tekliplerine hem garamaga taýýardyr.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda jemi içerki önümiň möçberinde hususy bölegiň kärhanalarynyň paýynyň tapgyrlaýyn artdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şol sebäpli hem, iki döwletiň işewürlik bileleşikleriniň ugry boýunça göni we ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, maýa goýumlarynyň çekilmegi, dolandyryşyň netijeli usullarynyň, öňdebaryjy dolandyryş çözgütleriniň ornaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan nemes kompaniýalarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda üstünlikli işlemegi üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr. Ýurdumyz oňyn başlangyçlar we teklipler, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu gezekki geçirilýän foruma hem uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm çäre hökmünde garalýar.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamynda hem bilelikde üstünlikli işlemegiň oňyn tejribesini topladylar. GFR-iň sungat ussatlarynyň Türkmenistanda guralýan konsertleri hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde geçirilen beýleki medeni çäreler asylly däbe öwrüldi. Golýazma mirasyny hem-de arheologiýa tapyndylary gorap saklamak ulgamynda türkmen we nemes alymlarynyň bilelikdäki işi hem netijeli häsiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Margianada — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç eýýamynyň şalygynda ýüze çykarylan gymmatlyklaryň sergisini guramak baradaky geçen ýyl gazanylan ylalaşyk uly ähmiýete eýedir, sergini 2018-nji ýylda GFR-de geçirmek göz öňünde tutulýar.

Syýahatçylyk ulgamynda baý tejribä eýe bolan Germaniýanyň kompaniýalary myhmanhana hojalygy, işjeň dynç alşyň düzümi, iň täze “ýaşyl” tehnologiýalary peýdalanmagyň esasynda tebigy, arheologiýa we taryhy-medeni desgalary abadanlaşdyrmak ulgamynda uly ýardam berip bilerler.

“Türkmenistan — Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly forumyň guralmagy nemes işewürlik toparlarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändikleriniň, olaryň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga çalyşýandyklaryna şaýatlyk edýär, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bolsa giň halkara goldawyna eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň