Ýokary liga — 2017: "Şagadam" — "Altyn asyr" duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar

20:0110.07.2017
0
702
Ýokary liga — 2017: "Şagadam" — "Altyn asyr" duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar

«Şagadam» — «Altyn asyr» — 0:2.

Gollar:

0:1, Resul Hojaýew 37’

0:2, Resul Hojaýew 48’.

Birinji aýlawda: 0:0.

Ikinji aýlaw ikinji orunda: Şeýlelikde, utuklaryny 33-e çykaran «Altyn asyr» ikinji aýlawy ikinji orunda tamamlady.

Hojaýewiň ýyly: Ýokary ligada jemi dört goly bolan Resul Hojaýew şolaryň üçüsini şu ýyl geçirdi.

Ýene bir 12 golly tapgyr: Şeýlelikde, Ýokary liganyň 17-nji tapgyry hem 12 gol bilen tamamlandy. Indi diňe şu möwsümde bäş sany 12 golly tapgyr bar.

30 golly üçünji topar: Şu duşuşykdan soň, möwsümdäki gollarynyň sanyny 30-a çykaran (diňe Ýokary ligada) «Altyn asyr» 30 we ondan kän gol geçiren üçünji topar boldy.

«Aragatnaşykçylar» 130-njy ýeňşini gazandy: Bu ýeňiş «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 130-njy ýeňşidir.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň