Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: "Altyn asyr" — "Merw" duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar

11:3310.07.2017
0
845

«Altyn asyr» — «Merw» — 3:0.

Gollar:

1:0, Süleýman Muhadow 17’

2:0, Myrat Ýagşyýew 28’

3:0, Arslanmyrat Amanow 75’.

Ikinji aýlawda: 0:1.

Kyn düşen üçünji orun ahyr geldi: Bu ýeňişden soň, hasabyna ýene 3 utuk ýazdyran «Altyn asyr» ýaryş teribinde üçünji orna çykdy. «Aragatnaşykçylara» «Balkanyň» yzyndan ýetip, ikinji orna çykmak üçin indiki duşuşykda hem ýeňiş möhüm.

Ýagşyýew — bombardirligiň birinji basgançagynda: Möwsümdäki gollarynyň sanyny 12-ä çykaran Myrat Ýagşyýew bombardirlik ýaryşynyň birinji basgançagyna çykdy.

Bassyr ikinji duşuşykda: Möwsümdäki 4-nji goluny geçiren Arslanmyrat Amanow bassyr iki duşuşykda tapawutlandy.

14-nji tapgyrda 12 gol: Şeýlelikde, 14-nji tapgyr 12 gol bilen tamamlandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň