Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek barada tabşyryk berdi

02:5309.07.2017
0
2849

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna welaýat häkimlerine geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge girişmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemlerine bagyşlanan giňeldilen hökümet mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, 2018-nji ýyl üçin baş maliýe resminamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet býujetinde her bir etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleriň hökmany tertipde göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň