Hormatly Prezindentimiz galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmändikleri üçin käýinç yglan etdi

02:1909.07.2017
0
3662

Şu ýyl ýurdumyzda 1 million tonnadan sähel gowrak galla hasyly ýygnalyp alyndy. Bu barada şu ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berdi. 2017-nji ýyl üçin galla ýygnamagyň şertnamalaýyn borçnamasy 1 million 600 müň tonnadan ybarat boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, ýurdumyzda galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç we welaýat häkimlerine berk käýinç yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň