Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy

01:2409.07.2017
0
7538

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni işini bes eden düzümiň oruntutary hökmünde kesgitlenildi. 
“Türkmengaz” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde milli kanunçylygymyza bu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň