Soňky habarlar

Arhiw

Howa gimnastikaçy Parahat Orazlyýew – “Aziýanyň ýaňy” festiwalynyň altyn medalynyň eýesi

20:2707.07.2017
0
16765

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2-6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi.

Bu festiwala Gazagystandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Müsürden, Monakodan, Özbegistandan, Ukrainadan, Latwiýadan, Hytaýdan akrobatlar, tanapda ýöreýänler, gözbagçylar, žonglýerler we haýwanlary eldekileşdirijiler gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyza “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti Parahat Orazlyýew wekilçilik etdi. Ol “Howa gimnastikasy” görnüşi boýunça üstünlik gazanmagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijesi bilen oňa “ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin” diýen Altyn kubok bilen birinji ýer gowşuryldy. Şeýle hem Parahat Belarus döwlet sirkiniň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Geçen ýyl aşgabatly howa gimnastikaçysy Selbi Şyhyýewa “Aziýanyň ýaňy” festiwalynda kümüş baýraga mynasyp boldy. Türkmen artistleriniň üstünlikli çykyşlary milli sirk sungaty mekdebiniň ussatlyk derejesiniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Dünýäniň abraýly sirk bäsleşiklerinde ýurdumyzyň at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleri watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Bu bolsa howa gimnastikasy ýaly görnüşde ýokary netijeleriň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sirk sungaty sazlaşykly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Ol diňe çagalar üçin däl, eýsem ulular üçin hem söýgüli sungatyň biri bolup durýar. Munuň özi maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ol ähli nesilleri bir ruhy dünýä bilen baglanyşdyrýar.

Sirk manežinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlar batyrgaýlygyň we çeýeligiň, gözelligiň we ajaýyplygyň hem-de zehiniň dabarlanýan dýnýäsine giň ýol açýar. Sirk sungatynda hem beýleki ugurlarda bolşy ýaly, terbiýeçilik ähmiýeti esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi milli mirasymyzy sirk sungatynyň üsti bilen wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

“Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary we “Türkmen jigitleri” Watanymyzyň çäklerinden daşynda hem meşgullyk gazanyp, halkara bäsleşikleriniň köp sanly baş baýraklaryna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň