Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisinden interwýu

23:5906.07.2017
0
1257

Ýi TUO,

“Wondfo” kompaniýasynyň wekili:

— “Wondfo” kompaniýasy Aşgabatda geçirilýän sergä lukmançylyk barlag enjamlary bilen gatnaşýar. Biz — ilkinji gezek Türkmenistanda. Bu sergä uly höwes bilen geldik. Çünki ýurtda ynsan saglygy üçin uly aladalaryň edilýändigini, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başda durmagy bilen saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalar hem-de enjamlar bilen üpjün edilýändigini bilýäris. “Wondfonyň”  sergä getiren barlag enjamlarynyň hem ünsi çekjekdigine ynanýarys.

Men barlag enjamlary barada iki agyz aýtmak isleýärin. Olar ýokanç keselleri, dürli wiruslary we hamylalygy anyklamak we barlamak üçin niýetlenendir. Enjamlaryň her biri örän  takyklygy bilen tapawurtlanýar.  Olary ulanmak bolsa örän sada — 5 minutdan 15 minuda çenli gysga aralykda adaty öý şertlerinde lukmançylyk barlagyny amala aşyrmak mümkin.

Ynsan saglygyny goramak — hemmämiziň bilelikde alyp barýan işimiz. Türkmenistanda bu asylly işe goşant goşmak biziň üçin belent mertebe bolardy. Sergä gatnaşmak üçin ýollanan çakylyk hem-de bu ýerde döredilen ähli mümkinçilikler üçin guramaçylara, esasan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň