Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy

23:5706.07.2017
0
4818

6-njy iýulda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi dostlukly ýurduň senagat we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmakda netijeli meýdança boldy.

Iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli mehanizmi bolmaga gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen sergi okgunly ösýän hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazaryna hytaý işewürleriniň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi.

Üç günläp dowam eden forumyň işine Hytaý Halk Respublikasynyň dürli sebitlerinden, şol sanda Sinhaý, Çžeszýan, Szýansu, Şandun we  beýleki welaýatlaryndan bolan esasy kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň 100-den gowragy gatnaşdy. HHR-niň Sinszýan – Uýgur awtonom oblastyna we Gyzylsuw – Gyrgyz awtonom okrugynyň wekilleri sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzdüler.    

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýerleşdirilen harytlar sergä gatnaşan 70-den gowrak iri, köpugurly kompaniýalaryň, ýöriteleşdirilen firmadyr kärhanalaryň, şeýle hem eksport we import  boýunça halkara söwda agentlikleriniň diwarlyklaryny emele getirdi.

Olaryň arasynda biziň ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, biziň bazarymyzda orun almagy maksat edinýänler-de bar. Olar sergide ilkinji gezek ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary, ýokary hilli önümleriň giň görnüşlerini hödürlediler. Munuň özi senagatlaşmagyň okgunly ösüşini başdan geçirýän, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlarynda toplumlaýyn maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen iki taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly gelejegiň we mümkinçilikleriň bardygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Serginiň çäklerinde meýdançalarda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olarda türkmen hyzmatdaşlary bilen bolup geçen duşuşyklarda we gepleşiklerde bellenen meýilnamalary we taslamalary  amala aşyrmagyň mundan beýläkki anyk çäreleri kesgitlenildi.   

Sergide täze taslamalaryň we meýilnamalaryň üstünde bilelikde işlemäge gyzyklanma bildiren döwlet düzümleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri hem ýokary işjeňlik görkezdiler.

Hususan-da, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasarynyň baştutanlygynda hytaý wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.

Özara söwda dolanyşygyny ýaýbaňlandyrmagyň ugurlaryna we beýleki meselelere garalan bu duşuşyga SUAR-nyň täjirçilik departamentiniň we HHR-niň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda, hususan-da, dokma önümleriniň önümçiliginde tejribe alyşmagyň,  ýurdumyzda ýyladyşhana hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň we hojalyk – durmuş tehnikalary (sowadyjylary, gaz plitalaryny, kondisionerleri we ş.m.) öndürjek kärhanalary gurmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen we hytaý telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmakda, kiçi we orta telekeçilikde maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde saldamly mümkinçilikleriň barlygy bellenildi.

Hytaý tarapyndan Türkmenistanda “Sinotruk” döwlet awtomobil gurluşyk kompaniýasynyň ýük awtomobillerini ýygnap gurnamak boýunça zawodyny gurmak baradaky teklip hem aýdyldy.  

Sinotruk” kompaniýasy gurluşykda, konteýner ýük daşalyşynda, dag-magdan senagatynda we beýleki dürli ulgamlarda ulanylýan ýük awtotransportlaryny, ýarym tirkegleri, ýüküni özi düşürýän maşynlary we beýlekileri öndürýär. Kompaniýa agyr ýük maşynlary bilen birlikde “Howo” kysymly we kiçi göwrümli täjirçilik awtomobillerini, pikaplary, dürli awtoulag serişdelerini çykarýar.

Duşuşykda şeýle hem 2018-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Uýgur awtonom oblastynda türkmen harytlarynyň sergi-ýarmarkasyny geçirmegiň mümkinçiligine seredildi.  

Mundan başga-da, hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçylary şu ýylyň awgustynyň ahyrynda HHR-niň SUAR-nyň Urumçy şäherinde geçjek “EKSPO Hytaý—Ýewraziýa—2017” atly halkara sergä biziň ýurdumyzyň wekillerini çagyrdylar. Bu serginiň “Ýüpek ýolunyň söwdasynyň meýdançasyny gurmak, hyzmatdaşlygy we ykdysadyýeti bilelikde gülledip ösdürmäge goldaw bermek” diýen mowzugy bar. Habar berlişi ýaly, bu sergi  Sinszýan bilen Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda söwda, maýa goýum, tehnologiýa, medeniýet ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýeti bolar. Şoňa görä hem bu iri forumyň çäklerinde türkmen – hytaý hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini has içgin maslahatlaşmak, onuň ugurlaryny we bilelikdäki tagallalaryň netijelerini has aýdyňlaşdyrmak hakda teklip aýdyldy.  

HHR-niň kompaniýalary Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda hytaý kompaniýalary biziň ýurdumyzyň nebit we gaz toplumynda, ulag we telekommunikasiýa ulgamynda, dokma önümleri senagatynda, saglygy goraýyşda, gurluşykda we beýleki pudaklarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistan — Hytaý yklymüsti gaz geçirijisi iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen halkara energetik ulgamyna we beýleki döwletlere, ilkinji nobatda bolsa, üstaşyr ýurtlara goşulyşmak üçin amatly  şertler döredi.

Serginiň dabaraly ýapylyşynda çykyş edenler milli Liderimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň dabaralanmagynyň, Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalar üçin şertleriň döredilmeginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda hytaý hyzmatdaşlarynyň täze ylmy gazananlaryň we öňdebaryjy tehnologiýanyň esasynda ýurduň köppudakly ykdysadyýetini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagynyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýänligini  bellediler. Foruma gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda degişli diplomlar gowşuryldy.

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisiniň guramaçylary we gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda iki dostlukly halklarynyň eşretli ýaşamagynyň we gülläp ösmeginiň, özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalanmagynyň ýolunda täze ädim  bolan bu ykdysady forumyň ýokary guramaçylykly geçendigi we onda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň