Soňky habarlar

Archive news

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisinden interwýu

23:5506.07.2017
0
597
Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisinden interwýu

Mi ÝAJUN,

“Triangle Tyre co.ltd” kompaniýasynyň wekili:

­— Mebel önümçiligi bilen meşgullanýan, mebelleriň bezeginde-de Gündogaryň milli bezeg usullaryna esasy agram berýän kompaniýanyň wekili hökmünde Gündogaryň iň baý medeniýetli ülkeleriniň birinde — Türkmenistanda geçirilýän sergä gatnaşmak biziň üçin belent mertebe. 40 ýyllyk iş tejribesi bolan kompaniýamyz bu sergi arkaly Türkmenistanda öz işleri bilen ilkinji gezek tanyşdyrýar. Şonuň üçin hem bize bu sergidäki her bir söhbetdeşlik gyzykly.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Özbegistan ýaly Türkmenistana ýakyn ýerleşýän döwletler bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýan kompaniýamyz öz önümlerini Hytaýdaky 5  kärhanada öndürýär. Mebel önümleriniň ýokary hili, muňa garamazdan, dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän amatly bahasy biziň esasy aýratynlygymyzdyr. Biz bu sergide täze geleşikleriň başyny başlajakdygymyza we ýakyn geljekde öz önümlerimiz bilen türkmen bazarynda mynasyp orun alyp biljekdigimize ynanýarys.

Sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirýäris. Serginiň işine üstünlik arzuw edýäris.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň