Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisinden interwýu

23:5306.07.2017
0
1132

Çen BOL,

“Huawei” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili:

­— Tehnologiýa dünýäsiniň läheňleriniň birine öwrülen “Huawei” kompaniýasy Türkmenistanda indi 15 ýyldan bäri işläp gelýär. Biz diňe bir täze tehnologiýalary ­— smartfonlardyr planşetleri, modemlerdir hemra ýaýlym enjamlaryny satmak bilen çäklenmän, aragatnaşyk boýunça işleri hem alyp barýarys. Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda eden işlerimiz hem ep-esli bar. Bu ýurtda tebigy gazy gazyp çykarmagyň, şeýle-de mobil aragatnaşyk ulgamynyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gatnaşdyk. Bilelikdäki toplanan tejribe Türkmenistanyň we “Huaweiň” geljekki hyzmatdaşlygynyň has-da röwşen boljakdygyny alamatlandyrýar. Şu günler bolsa biz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça  V Aziýa oýunlaryny ýokary hilli internet we mobil aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek işlerine gatnaşýarys.

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen harytlaryň köptaraply sergisi iki tarap üçin hem juda bähbitlidir. Biz bu serginiň işine rowaçlyk hem-de ony ýokary derejede geçirmäge beren ýakyn ýardamy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň