Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Burkina-Fasonyň ilçisi işe başlady

23:2806.07.2017
0
2773

6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Burkina-Fasonyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Antuan Somdadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem baş maksady halkymyzyň abadançylygy, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolan iri möçberli taslamalar bilen tanyşdyryldy. Döwletimiziň okgunly ösmegine, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine üstünlikli goşulmagyna ýardam edýän ylym we bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn üns berildi.

Jenap Antuan Somda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşinde uly üstünlikleri gazanan, ylalaşdyryjy döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin hormat bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň  arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, 2016-njy ýylyň martynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar barada aýtmak bilen, ilçi öz ýurdunyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn  işjeňleşdirilmegine çalyşýandygyny belledi.

Oba hojalygy, söwda, gaýtadan işleýän we dokma senagatlary ösdürmek, kiçi we orta telekeçilik ugry boýunça gatnaşyklary höweslendirmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Dag-magdan çykaryjy senagat, aýratyn-da, bu günbatar-afrikan ýurdunda ösen senagat üçin innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara gatnaşyklarynyň meselelerine hem seredildi.

Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatly, özboluşly taryhy, köpasyrlyk däpleri, köptaraplaýyn medeniýeti bolan ýurt bolup durýandygyny bellemek bilen, jenap Antuan Somda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi. Ilçi öz ýurdunyň edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara tanyşlyk saparlaryny guramaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.  

***

Şeýle hem Burkina-Fasonyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Ilçi medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabat şäheriniň beýleki gözellikleri bilen tanyşdyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň