Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Futbol dostluk üçin” halkara festiwalynda türkmenistanly ýaş derwezewan ýörite baýraga mynasyp boldy

22:5106.07.2017
0
4692

FIFA-nyň esasy hemaýatkäri “Gazprom” kompaniýasynyň Sankt-Peterburgda geçiren futbol baýramçylygy bütin dünýäniň çagalaryny özünde jemleýän “Futbol dostluk üçin” halkara festiwalynyň bäşinjisiniň jemini jemledi. Bu ýyl ilkinji gezek abraýly festiwala Türkmenistanyň ýaş futbolçylary hem gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Dünýäniň 64 döwletinden gelen ýaşlaryň arasynda geçirilen festiwalda her ýurtdan bir futbolçy bilen ýaş žurnalist gatnaşdy. Festiwalyň dowamynda ýaş žurnalistler gündelik neşiriň aladasy bilen bolan bolsalar, onda futbolçylar halkara ýaryşyna gatrnaşmak üçin türgenleşik işlerini geçirdiler. 1-nji iýulda geçirilen ýaryşda gülgüne toparynda çykyş eden ildeşimiz Gurbanmuhammet Esenow derwezede görkezen ýokary derejedäki oýny bilen hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Onuň görkezen oýny toparyna hormatly ikinji orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Toparlar hakynda aýdanymyzda, Türkiýeden, Braziliýadan, Litwadan, Siriýadan, Latwiýadan, Germaniýadan, Tanzaniýadan hem-de Türkmenistandan gelen ýaşlardan düzülen gülgüne toparyndan başga şertli gyzyl, ýaşyl, gök, sary, goýy gök, ak hem-de goňur reňkler bilen bellenilen toparlar gatnaşdy. Ýaryşa has taýýarlykly gelen goňur reňkdäki topar ýeňiji boldy. Ýeňijileriň uly futbola kybapdaş dabaralandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ýaş futbolçylara ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Umuman alnanda, futbol baýramçylygy dostlugyň, birek-birege ýakynlaşmagyň äheňinde geçirildi. Ýaryşlaryň ertesi güni bäşinji gezek geçirilýän “Futbol dostluk üçin” halkara forumy hem öz beýanyny tapdy. Onda ýeňiji bolan toparlara hem-de oýunçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Iň ökde derwezeçä gowşurylýan baýraga mynasyp görlen Gurbanmuhammet Esenowa gymmat bahaly sowgady dünýä futbolunyň ýyldyzlary Žulio Baptista bilen Iwan Samorano gowşurdy. Foruma žurnalist hökmünde gatnaşan 11 ýaşly Atajan Hallyýew hem dünýäniň professional žurnalistleriniň kömegi bilen gazet işiniň inçe tilsimlerini öwrenmäge mümkinçilik aldy. Festiwalyň dowam eden günleri Atajanyň gatnaşmagynda festiwalyň durmuşyndan söhbet açýan gündelik neşir çap edildi. Neşirdäki suratlardyr habarlar ýaş žurnalistler tarapyndan taýýarlanyldy.

Forumyň soňunda öňümizdäki ýyl Russiýada geçiriljek dünýä çempionatynda Sankt-Peterburgyň ilçisi boljak ady belli futbolçy Aleksandr Keržakowyň netijäniň ilkinji nobata çykmaýandygyny, eýsem-de, dostlugyň, agzybirligiň berkemeginden ybaratdygyny aýtmagy festiwalyň esasy maksadynyň kesgitlemesi boldy. Çünki, sportuň esasy maksady halklaryň arasynda dost doganlygy berkitmekden ybaratdyr. Futbol festiwalynyň soňunda ýaş futbolçylara dünýä futbolunyň öňbaşçylsrynyň gatnaşmagynda geçirilen Konfederasiýa kubogynyň final duşuşygyna tomaşa etmäge mümkinçilik döredildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň