Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

23:5805.07.2017
0
3647

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen doganlarça salamlaşyp, söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny dostluk we taryhy medeni hem-de ruhy umumylyklar arkaly baglanyşdyrýan esaslara daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Rejep Taýyp Ärdogan pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň hoşniýetli erkine daýanýan däp bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlary ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň netijesinde döwletara gatnaşyklarynyň strategik we işjeň häsiýete eýe bolýandygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, bar bolan ägirt uly mümkinçilikler söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär.

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, söhbetdeşler bu ugurdaky, şeýle hem syýahatçylyk we sport pudaklaryndaky köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly möhüm waka giň möçberli taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türk kärdeşini onuň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Aziada—2017-niň üstünliklere beslenjekdigine we munuň özi Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ygrarlydygy tassyklandy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň