Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

00:2805.07.2017
0
6349

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti  Frank-Walter Ştaýnmaýere hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Bawariýada bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem  hut öz adyndan  gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň