Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy

06:0102.07.2017
0
2642

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bolsa tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküni we pagta çigidiniň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 700 müň manat bolan ýod erginini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 80 müň manat bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Türkmenaglomerat” kondisiýa laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň