Arhiw

TDU-da “Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy

02:1901.07.2017
0
22706

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda uniwersitetiň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergide çeper işler, amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de neşirýat önümleri görkezildi.

Maslahatlar zalynda geçirilen duşuşykda hökümet agzalary, milli parlamentiň başlygy we deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlary, syýasaty öwrenijiler, hormatly ýaşulular hem-de köpsanly ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň esasy häsiýetli aýratynlygy onuň egsilmez agzybirliginden, halkyň Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň many-mazmunyna doly akyl ýetirmeginden ugur alyp, ruhy däplere, medeni mirasa daýanýan milli Lideriniň töweregine jebisleşmeginden ybaratdyr.

2007-2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary öz içine alýan täze kitapda bular barada gürrüň berilýär. Ol terjimehal böleginden başlanyp, onda döwlet Baştutanymyzyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky alyp barýan işleri hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada beýan edilýär...

Indiki bölümler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesinde ýurdy dolandyrýan ýyllaryna bagyşlanypdyr. Olar parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş ýaly milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň baş ugurlaryny aýdyň ýüze çykarýar. Şol syýasatyň esasy ýörelgelerinde, şeýle hem ynsanperwerlik, durmuş adalatlylygy, ýokary ruhubelentlik, anyk netijelere tarap ugurlar jemlenendir.

Ylmy-populýar görnüşde döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylyş işleri görkezilýär,Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki wezipeleri, ileri tutulýan baş ugurlar hem-de milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça çäreler beýan edilendir.

“Arkadagyň ajap eýýamy” atly kitap fotosuratlar, şol sanda resmi habarlaryň şekilleri bilen giňden bezelipdir. Täze neşir giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, ol syýasatçylar, ykdysadyýeti seljerijiler, jemgyýetçilik ylymlarynyň mugallymlary, talyplar üçin hem ygtybarly kömekçi bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň