Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda tamamlanan gurluşyklaryň sany artýar

01:5201.07.2017
0
1275

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýunda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Aşgabatda gurulýan, ulanmaga taýýar edilen binalar we desgalar barada hasabat berildi. Şol desgalaryň hatarynda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda dokuz gatly 54 öýli  alty sany we 36 öýli on sany jaýlar,  400 orunlyk köp gatly awtoduralga, paýtagtymyzyň günortasynda meýdany 630 gektar bolan seýilgäh bar. Mundan başga-da, 59,14 kilometr awtoýollary çekmek boýunça işler tamamlandy, köprüleriň 18-si, ýerasty geçelgeleriň 34-si we ýerüsti geçelgeleriň 20-si guruldy. Bu desgalaryň açylmagynyň meýilnamasy taýýarlanyldy. Olar şu gün dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyrylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, Aşgabadyň mundan beýläk-de abadanlaşdyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de täze desgalaryň degişli derejede ulanylyşyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň