Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

20:0330.06.2017
0
5370

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibine geçmezden öň  milletiň Lideri hökümet agzalaryna “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze çap edilen kitaby ýadygärlik sowgady hökmünde gowşurdy.

Mejlisde Döwlet Etalon barlaghanalaryny halkara akkreditasiýasyndan geçirmek, nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek, paýtagtda täzelikde tamamlanan we alnyp barylýan gurluşyklar, aragatnaşyk hyzmatlary, ýurdumyzyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak, gurluşyk senagaty, Aziada — 2017-ä taýýarlyk, Medeniýet hepdeliginiň jemleri, Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 12-nji mejlisi, ýurdumyzda kanunçylyk işi we ýurdumyzyň hukuk goraýjy hem-de harby edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň