Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

16:1030.06.2017
0
2888

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirmek bilen, pursatdan peýdaldanyp, türkmen Liderine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewden mähirli salam ýetirdi. Jenap Askar Maminiň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýun aýynda Gazagystan Respublikasyna bolan iş sapary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşinde täze möhüm sahypany açdy hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine hyzmat eder. Şol saparyň çäklerinde milli Liderimiz “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz öz gazak kärdeşine salam aýdyp, Türkmenistan üçin Gazagystanyň möhüm wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Bu ýurt bilen gatnaşyklar uzakmöhletli, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýar.

Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine öz ýurdunyň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Türkmenistanda bolup geçýän ösüşlere beslenen özgertmelere, şol sanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sportuny ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan ägirt uly meýilnamalara begençli garaýandygyny belledi. Hatarynda sentýabr aýynda Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherjigi bolan dünýä derejeli ajaýyp sport desgalary häzirki zaman sport düzümlerine eýe bolan ýurt hökmünde-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanmany şertlendirýär diýip, jenap Askar Mamin nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri we myhman, şeýle hem birnäçe esasy ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem-de döwletara gatnaşyklarynyň wajyp we aýrylmaz bölegi bolup durýan medeni-ynsanperwer ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdžaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň