Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

10:1730.06.2017
0
4367

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, uzak ömür hem-de ähli asylly başlangyçlarynda täze uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtady. Şol gatnaşyklar uly kuwwatyň bolmagynyň hem-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmtadaşlygy giňeltmäge taýýardygynyň netijesinde strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda örän üstünlikli ösdürilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň Baştutanlary gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de dürli ugurlarda netijeli özara hereketleri artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler babatda döwletara gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli şahsy duşuşyklaryň hem-de özarat saparlaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Şolaryň netijesinde ýurtlarymyz syýasy söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hereket etmegiň hil taýdan täze basgançagyna çykdylar.

Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna boljak saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Şol saparyň barşynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyna degişli hem-de özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe meseleleri içgin aralaşmak maksat edinilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-27-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5 Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, Prezident Serž Sargsýany bu iri sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň hoşniýetli erkine, özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine daýanýan däp bolan dostlukly türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hoşlaşanlarynda iki ýurduň Liderleri birek-birege saglyk we üstünlikler Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň