Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň hökümetiniň Başlygy telefon arkaly söhbetdeşlik etdiler

09:2530.06.2017
0
6977

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Russiýanyň Hökümetiniň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlap, milletiň Liderine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, Dmitriý Medwedew Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän dostluk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine berýän şahsy ýardamy üçin türkmen Liderine aýratyn hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutany doglan güni mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew  öňden gelýän, ýygjam ylym-bilim hem-de medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de höweslendirilmegi baradaky pikiri aýtdylar. Bu bolsa iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň berkidilmeginiň möhüm ýagdaýydyr.

2017-nji ýylyň 17 — 27-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dmitriý Medwedewi bu iri sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşler hoşlaşanlarynda, däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde hem ösdürilip täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň