Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

09:0530.06.2017
0
4145

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary—Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkony kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy Dmitriý Medwedewiň milli Liderimiize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sergeý Prihodko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutanynyň orunbasary türkmen Liderini biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy—Aleksandr Newskiý ordeni bilen gutlady.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli türkmen Liderini gutlady.

Russiýanyň ýokary ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz öz işine berlen şeýle ýokary baha üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz iki halkyň düýp bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň pugta binýady esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ýeten derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we Russiýanyň wise-premýeri netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýär we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we beýleki möhüm ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, milli Liderimiz we myhman medeni-ynsanperwer, şol sanda ylym, bilim we sport ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek hakynda aýtdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň alyp barýan işi söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine ýardam berýär. Bu düzümiň geçirýän mejlislerinde gazanylan ylalaşyklar köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine oňyn täsir edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Russiýanyň wise-premýeri öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan we tabşyrygy boýunça deňhukukly, birek-birege ynanyşmak we ikitaraplaýyn bähbitlere hormat goýmak esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň