Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçarlarynyň üsti täze “Boingler” bilen artýar

23:5728.06.2017
0
10363

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline “Boeing-737-800” kysymly täze ýolagçy howa ulagy gelip gondy. Ol şu tapgyrdaky howa gämileriniň üçünjisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň satyn alynmagy üçin 2014-nji ýylyň aprelinde Amerikanyň ägirt uly awiagurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.

ABŞ-niň Sietl şäherinden köp sagatlyk uçuş “Türkmenhowaýollary” gullugynyň uçarmanlary tarapyndan amala aşyryldy. Milli däplere laýyklykda, howa menzilinde ýaşuly nesliň wekilleri täze uçaryň gelmegi mynasybetli oňa ak un sepip, ak pata berdiler

Gonmazdan 5660 kilometr aralygy geçmäge ukyply “Boeing-737-800” uçarlaryny Moskwa, Sankt-Peterburg, Ankara, Stambul, Deli, Dubaý, Kazan, Minsk, Almaty hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki şäherlerine ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda milli howa ulgamynyň tehniki binýady dünýä belli bu kysymlaryň “Boeing-757”, Boeing-737”, “Boeing-717”, şol sanda giň gabaraly, uzak aralyga uçýan “Boeing-767-300 ER” ýaly uçarlara eýedir.

“Türkmenistanyň raýat awiasiasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şeýle howa ulaglarynyň sany yzygiderli artdyrylar. Bu bolsa öz gezeginde Aşgabatdan 
Milana (Italiýa Respublikasy), Jidda (Saud Arabystany), Hoşimine (Wýetnam), Tährana (Eýran Yslam Respublikasy), Tbilisä (Gruziýa), Daşkende (Özbegistan Respublikasy) we beýlekilere meýilleşdirilýän täze howa gatnawlaryny açmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň