Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

15:2926.06.2017
0
920
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärlerine

Hormatly prokuratura edaralarynyň işgärleri!

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimizde kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň hemmeler tarapyndan takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan prokuratura edaralaryna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda, adalatlylygy we demokratiýany dabaralandyrmakda, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini goramakda möhüm orun degişlidir.

Prokuratura edaralarynyň işgärleri Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde kanunlaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyryp, kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün etmelidirler. Olar milli kanunçylygymyzy pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk düşünjeliligini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri tutanýerlilik bilen ýerine ýetirmelidirler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini gülledip ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň doly amala aşyrylmagyna we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşmalydyrlar.

Hormatly kanun goragçylary!

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda berkarar döwletimizde kanunlaryň ýerine ýetirilişine we hukuk namalarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralaryna giň ygtyýarlyklar berlendir. Şonuň üçin siz öz ygtyýarlyklaryňyzdan netijeli peýdalanyp, degişli barlaglary geçirip, prokuror täsir ediş çärelerini ulanyp, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we olary düzetmek, bikanun çykarylan hukuk namalaryny kanuna laýyk getirmek boýunça zerur işleri geçirmelisiňiz. Raýatlarymyzyň hukuklaryny we döwletimiziň bähbitlerini goramakda, beýleki hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda netijeli işleri alyp barmalysyňyz. Ýurdumyzda asudalygy we abadançylygy üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek, döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini günäkär adamlaryň hasabyna dolmak boýunça geçirýän işleriňizi has-da güýçlendirmelisiňiz.

Siz mundan beýläk hem kanunyň goragynda berk dump, hukuk döwletimizde kanunlaryň häkimiýet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralary, edara-kärhanalar, guramalar, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar hem-de raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirip, öz gulluk borçlaryňyzy päk ýürekden, ussatlyk bilen berjaý etmelisiňiz. Öz hatarlaryňyza ýokary aň-düşünjeli, päk ýürekli işgärleri seçip-saýlap alyp, olaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyryp, hünär ussatlygyny ýokarlandyryp, prokuratura edaralarynda arassa we halal, eýeleýän wezipesine mynasyp adamlaryň işlemegini gazanmalysyňyz.

Men Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirip, halal zähmet çekjekdiklerine, gözegçilik işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyryp, kanunlaryň hemmeler tarapyndan takyk we birkemsiz ýerine ýetirilmegini, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň we Prezident namalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn!

Döwletimiz prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada hemişe alada edýär. Prokuratura edaralary döwrebap kämil tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýär. Işgärler üçin ähli şertler göz öňünde tutulan edara binalary, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berilýär.

Hormatly prokuratura edaralarynyň işgärleri!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde kanunçylygy pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuklaryny hem-de döwletimiziň bähbitlerini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň