Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy V Aziada bagyşlandy

15:2626.06.2017
0
6501

Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna hem-de sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyldy.

Irden “Altyn asyr” seýilgähinde guralan “Aziada-Arkadagyň serpaýy” atly çäre ruhubelentligiň we sportuň baýramçylygyna güýç berdi. Görkezme çykyşlarynda sportuň dürli görnüşleri ýerine ýetirildi.

Aziýa oýunlary baradaky mesele Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaýbaňlandyrylan sergide öz beýanyny tapdy. Bu ýerde neşirýat önümleriniň hem-de öňde boljak sport forumyna bagyşlanan fotosuratkeşleriň işleriniň örän köpdürlüsi görkezildi.

Kitap sergisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine, şol sanda medeniýet we sungat ulgamyna degişli “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Ahalteke bedewi --biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler” diýen eserlerine, “Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaplaryna hormatly orun berildi... Bu kitaplaryň her biri şu günki Türkmenistana düşünmäge özboluşly açary özünde jemleýär, milli medeniýetiň we halk däpleriniň baý dünýäsi boýunça ugur görkeziji bolup durýar.

Geçen ýyl Garşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň öň ýanynda çapdan çykan “Parahatçylyk sazy, dostluk we doganlyk sazy” diýen kitapda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üsti bilen halkymyzda meşhur sazandalaryň biri Şükür bagşy barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eserinde bu köptaraply keşbi açyp görkezip, onuň özenindäki parahatçylyk döredijilik pikiriniň umumadamzat mazmunyny nygtaýar. Bu barada Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde we şonuň esasynda Bulat Mansurowyň düşüren kinosynda döredijilikli beýan edilýär.

Bular barada “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde şöhratly çeper filmiň görkezilmeginiň öňüsyrasynda tomaşaçylar bilen bolan duşuşykda bu ýurdumyzyň kinosungatynyň wekilleri öz çykyşynda belläp geçdiler.

Nebitgaz toplumynyň “Galkynyş” medeni işewürlik merkezinde ýurdumyzyň dürli sebitlerinden halk sazandalaryny birleşdiren bagşylaryň “Şabram şelpeler, şirin nagmalar” konserti sungatyň parahatçylyk döredijilikli maksady baradaky gürrüňleriň özboluşly dowamy boldy. Oňa halkymyzyň asyrlaryň çuňlyklaryna aralaşyp gidýän aýdym-saz sungatyny tüýs ýürekden söýýändigini ussatlarça görkezen şöhratly bagşylar, türkmen halk sazlarynyň ýerine ýetiriliş däplerini ösdürýän ýaş sazandalar gatnaşdylar.

Döredijilik forumynyň nobatdaky güni “Aşgabat” aýdym-saz merkezindäki uly konsert bilen tamamlandy. Konsertde paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlary çykyş etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň