Dowamatlylyk Medeniýet hepdeliginiň üçinji gününiň esasy meselesi boldy

11:3825.06.2017
0
5070

Aşgabatda geçýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki güni iri döredijilik çäresine gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyndan başlandy.

Açyk asmanyň astyndaky muzeý - uly şäherler bolan Gadymy we Täze Nusaý ýerli medeni däpleri hem-de gadymy grek we rim sungatynyň öwüşginlerini özünde sazlaşykly utgaşdyran gadymy siwilizasiýanyň yzlaryny saklaýar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar goraghananyň muzeýinde arheologlaryň tapyndylary arkaly görkezilen Parfiýa patyşalygynyň ýadygärlikleriniň öwrenilişiniň taryhy bilen tanyşdylar, mundan beýläk-de öwrenilmegini talap edýän bu desganyň uly gymmatlygyny tassyklaýan alymlaryň soňky açyşlary barada düşünje aldylar.

2007-nji ýylda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýda onýyllyklaryň içinde dürli ýurtlardan meşhur alymlar barlag işlerini geçirdiler. Şol işler gadymy taryhyň ençeme syrlarynyň üstüni açdy we Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşen we Rim, Hindistan, Hytaý hem-de beýleki ýurtlar bilen ysnyşykly medeni hem-de söwda aragatnaşyklaryna eýe bolan Parfiýa imperiýasynyň şöhratly paýtagtynyň durmuşynyň köp ugurlary hakynda has köp bilmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň muzeýlerinde Nusaýyň gymmatly genji-hazynalary saklanylýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň medeni mirasynyň ajaýyp nyşanlarynyň birine öwrülen piliň süňkünden ýasalan ritonlar, ak mermerden sünnälenip ýasalan heýkeller, toýundan, metaldan önümler, dürli şekiller beýan edilen owadan pannonyň galyndylary we elbetde, ata-babalarymyzyň ösen derejeli hat-ýazuwyň eýeleri bolandygyny jedelsiz subut edýän maddy subutnamalar bolan parfiýa ýazuwlarynyň ýadygärlikleri bar.

Şonuň bilen birlikde, Nusaýyň çäkleri arheologiýa barlag işlerini dowam etmegi talap edýän ýene-de ençeme syrlary saklaýar. Bu ýerde döwürleriň we nesilleriň, geçmişiň, şu günüň hem-de geljegiň janly arabaglanyşygy aýratyn duýulýar. Gadymy galanyň diwarlarynyň ýanynda Aziada-2017-niň başlanmagyna çenli 500 günüň galmagy mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan tutuş ýurdumyz boýunça deňsiz-taýsyz atly ýörüşe badalga berilmegi tötänden däldir.

Medeniýet hepdeliginiň möhüm bölegi bolan taryhy ýadygärliklere baryp görmek, ony geçirmegiň özeninde medeni däpleriň dowamatlylygy, olaryň häzirki zamanda ösdürilişi baradaky pikiriň goýlandygyny äşgär edýär. Bu barada muzeý işiniň hünärmenleriniň, medeniýeti we sungaty öwrenijileriň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň, giň jemgyýetçiligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Medeni miras-halkyň milli buýsanjy” atly maslahatda-da gürrüň edildi.

Maslahatyň açylyşynda bu ýere ýygnananlara “Milli mirasyň genji-hazynasy” atly owadan bezelen täze neşir hödürlenildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan taýýarlanan bu neşir ýurdumyzyň gadymy taryhynyň subutnamasy bolan muzeý gymmatlyklarynyň beýan edilýän görnüşindedir.

Maslahatda edilen çykyşlarda medeniýet syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň meselelerine deglip geçildi. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, medeniýetiň we sungatyň bu günki üstünliklerini halkara derejesinde wagyz etmekden, gorap saklamakdan we öwrenmekden ybaratdyr.

Maslahata gatnaşyjylar taryhy we medeniýeti öwreniş ylmy-barlag işleriniň anyk netijeleri barada habar berdiler. Şol netijeler milli sungatyň dürli ugurlarynyň kemala gelşiniň we ösüşiniň aýratynlyklarynyň üstüni açýar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň täsin ruhy baýlygyny gorap saklamak we artdyrmak, giň halkara ölçeglerde milli mirasymyzy wagyz etmek, medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly işleri kämilleşdirmek babatda bildirýän talaplaryna aýratyn üns berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasatyň, medeniýet ulgamyna berilýän hemmetaraplaýyn goldawyň ägirt uly kuwwaty durmuşa geçirmäge täze giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen ylmy-amaly maslahatyň gün tertibinde-de milli taryhy-medeni mirasy mundan beýläk-de öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň wajyp meseleleri beýanyny tapdy. Bu maslahata gatnaşmak üçin arheologlar, rejeleýjiler, muzeýleriň hünärmenleri, suratkeşler, sungaty öwrenijiler, alymlar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän arheologiýa barlaglarynyň, ylmy-barlag işleriniň netijeleri baradaky habarlar diňlenildi. Şol netijeler halkymyzyň gadymy taryhynyň hem-de baý medeniýetiniň sahypalarynyň üstüni açýar.

Häzir Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda täsin medeni mirasy döwlet tarapyndan goramagyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça maksada görnükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär, ähli welaýatlarda yzygiderli esasda arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleriniň ýüzlerçesiniň ýagdaýyna gözegçilik edilýär, Watanymyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlagçylary üçin uly gyzyklanma döredýän desgalarda ylmy işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, geçmişiň uly yzlary diňe bir hünärmenlere däl, eýsem, tutuş jemgyýetçilige-de gyzyklydyr, arheologiýa bolsa taryhy ylmyň düýpli sowallarynyň ençemesine takyk jogap berýär we medeni giňişlikde ygtybarly ugurlary görkezýär. Munuň subutnamasy hökmünde maslahata gatnaşyjylara Şekillendiriş sungaty muzeýiniň arheologiki gymmatlyklary görkezildi hem-de işleriň ýazky möwsümi tapgyrynda türkmen arheologlary tarapyndan ýüze çykarylan tapyndylar bilen tanyşdyryldy.

Olaryň hatarynda Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşen orta asyr döwründe meşhur gadymy Dandanakandan tapylan gymmatlyklar bar. Orta asyr taryhynyň bu täsin ýadygärliginde geçirilen barlag işleriniň barşynda toýundan ýasalan gap-gaçlaryň, bürünç önümleriň, binagärlik bölekleriň nusgalary tapyldy. Türkmen alabaýynyň tohum häsiýetlerini açyp görkezýän itiň kiçijik syrçadan edilen heýkeljigi örän täsin hem-de garaşylmadyk açyş boldy. Bu gymmatlyk arheologiki tapyndylaryň şu sergisinde mynasyp orny tutdy. Bu heýkeljigiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýylynda tapylmagynyň çuňňur manysy bar. Çünki Alabaý bu oýunlaryň şekili hökmünde saýlanyldy.

Soňky maglumatlardan çen tutsaň, gadymy Merwden 60 kilometrlikde ýerleşen we VIII asyryň orta asyr çeşmelerinde ilkinji gezek ýatlanylýan Dandanakan has ir ýüze çykypdyr. Alymlaryň belleýşi ýaly, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we gaýtadan dikeltmek boýunça milli müdirldigiň hünärmenleri tarapyndan başlanan, birwagtlar halkara kerwen söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu künjekde geçiriljek gazuw-agtaryş işleriniň ýene-de birnäçe täsin açyşlary berjekdigi gürrüňsizdir.

Maslahata gatnaşyjylar taryhy-medeni miras baradaky maglumatlary mundan beýläk-de öwrenmek we dünýäde wagyz etmek, ýaşlar bilen ruhy-terbiýeçilik hem-de watançylyk işi babatda ony işjeňleşdirmek, şeýle hem syýahatçylyga has-da işjeň çekmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Aşgabat” kinomerkezinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şu gün “Seýis” atly çeper filmiň görkezilmegi halkymyzyň medeniýeti we taryhy baradaky bilimleri giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Kino görkezmegiň öňüsyrasynda ony döredijiler tomaşaçylara türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri köpeltmegiň we seýislemegiň däplerine bagyşlanylan hem-de halypaçylyk, ýaşulularyň we ýaşlaryň özara gatnaşygy baradaky meseläni gozgaýan filmiň döredilişi barada gürrüň berdiler. “Seýis” kinofilmi tomaşaçylara ruhy gymmatlyklary hem-de köpasyrlyk halk däp-dessurlaryny gorap saklamak we artdyrmak baradaky öwüt-ündewli çagyryşy özünje jemleýär.

Bu pikir Medeniýet hepdeliginiň ajaýyp çäreleriniň biriniň, ýagny, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde paýtagtymyzyň çagalar çeperçilik mekdepleriniň çykyşlarynyň maksatnamasyna hem goşuldy.

Çagalaryň döredijilik baýramçylygy netijesinde, milli medeniýetimiziň baý köpöwüşginliginde özboluşlylygyny saklan dowamatlylyk mekdebiniň deňsiz-taýsyz ähmiýetini görkezdi.

Täze zehinleriň ýüze çykmagyna, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam berýän döredijilik çäresi sungatyň dürli ugurlarynyň ýaş wekillerini barha köp özüne çekýär. Ýaş sazandalar, tansçylar, aýdymçylar, suratkeşler we çeper okaýjylar ähli çärelere gatnaşýarlar, şeýle hem olara aýry konsert maksatnamasynda çykyş etmäge mümkinçilik berilýär.

Çärä gatnaşyjylar aýdym-saz we horeografiýa çykyşlarynda ýiti, çeper zehinleri, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen şugla saçdylar, saz gurallarynda saz çalmak bilen, tomaşaçylaryň ruhuny göterdiler.

Ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak döwletimiziň aýratyn aladasydyr. Häzir diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň iň alysdaky şäherlerinde we obalarynda hem çagalar we ýetginjekler üçin çeperçilik merkezleri, ýörite döredijilik mekdepleri işleýär, medeniýet öýleriniň döwrebap binalary, dynç alyş seýilgähleri gurulýar. Olarda ýaşlaryň we çagalaryň sungat dünýäsine aralaşmagy üçin hemme şertler döredilýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda döwlet derejesinde hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda umumymilli we halkara möçberinde çagalaryň döredijilik bäsleşikleri hem-de festiwallary geçirilýär. Olara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden müňlerçe ýaş artistler gatnaşýar. Şeýlelik bilen, olar öz köptaraply zehinlerini görkezmäge mümkinçilik alýarlar, milli we dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna aralaşýarlar. Hut şol ýaşlar eýýäm ýakyn geljekde ýurdumyzyň medeni durmuşyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Taryhyň, halk hakydasynyň akymynyň üznüksizdigi, nesilleriň ruhy jebisligi “Döwlet guşy” sahna eserinde hem beýanyny tapdy. Bu sahnany görmäge aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Baş drama teatryna çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir romany boýunça döredilen sahna oýny tomaşaçylaryň olaryň aýratyn söýgüsinden peýdalanýar.

Dünýäniň ykbaly hem-de gadyry bilinmeli we goralmaly parahat durmuş baradaky pikir ýöretmeler romanyň hem-de esasy pikirleriniň biridir.

Sahna oýny belent sarpa hem-de adamkärçilik, ýagşylyk we söýgi, egsilmez ahlak gymmatlyklar barada gürrüň berip, ruhy çagyryşy, tutuşlygyna kalbyňy tolgundyrýan hem-de biparh goýmaýan ajaýyp döredijilik güýjüni özünde jemleýär. Ol şu güni tomaşaça ýakyndyr we düşnüklidir hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolan Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň hakyky gülläp ösýän eýýamynda ýaşaýan nesle niýetlenendir.

Döredijilik hepdeligiň üçünji güni Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. “Aşgabat” seýilgähiniň sahna meýdançasynda halk we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň