Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hytaýda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler

09:5824.06.2017
0
2678

Aşgabatda 4-6-njy iýulda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň sergisi geçiriler. Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde geçiriljek sergä Hytaýyň elektrik enjamlaryny, gurluşyk materiallaryny, oba hojalyk we gurluşyk tehnikasyny öndürmekde ýöriteleşýän iri kompaniýalary öz işläp taýýarlamalaryny görkezerler.

Hytaý öndürijileri metal hem-de plastika önümlerini, dokma önümlerini we halylary hem-de azyk önümlerini görkezerler.

Şeýle hem sergä HHR-iň nebitgaz we himiýa senagatynda, ulag we logistika, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda ulgamlarynda işleýän hytaý kompaniýalary gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň