Magdanlyda gipsokarton çykarylar

23:5422.06.2017
0
645
Magdanlyda gipsokarton çykarylar

Gurluşyk işleri üçin daşky örtüji serişdeleri öndürmek boýunça täze kärhana Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde “Hilli gurluşyk önümleri” hojalyk jemgyýeti tarapyndan dörediler. Onuň ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokartony çykarmaga niýetlenen bölümleri Magdanlyda bar bolan gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer.

Häzirki wagtda bu ýerde 8 gektar meýdanda otaglary bezemek üçin gury garyndylaryň 100 müň tonnasyny hem-de ýylda 12 million inedördül metr gipsokarton çykarmaga niýetlenen hojalyk jemgyýetiniň önümçilik binýady döredilýär. Raýatlaryň alyp barýan gurluşygynda giňden peýdalanmaga niýetlenen önümleri çykarmak üçin häzirki zaman tehnologik enjamlar satyn alyndy.

Türkmenistany gurşap alan depginli gurluşyklar dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek üçin kuwwatly itergä öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde diýen ýaly, bu pudagyň täze desgalary bina edilýär we ozalky bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Senagatda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň amala aşyrylmagy bu ugruň ösdürilmegi üçin möhüm ýagdaýa öwrüldi. Şol maksatnama täze önümçilikleriň döredilmegini ýa-da ozalky hereket edýänleriň täze ugurlara öwrülmegini nazarda tutýar.

Biziň gurluşyk serişdeleri bazarymyzda “alçipan” diýen at bilen has belli bolan gipsokarton kagyzlary gurluşykda giňden ulanylýar. Çünki olar ýeterlik derejede berk bolup, asla zaýalanmaýar diýen ýaly. Gipsokarton profilleri, diwarlyk üçin gipsokarton, çyga durnukly gipsokarton, üçege örtmäge, diwarlara, aralygy bölmäge niýetlenen serişdeler örän bellidir. Ýerli çig maldan gipsokartonyň özümizde öndürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän ýene-de bir ugur bolup, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň isleglerini köp derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň