Soňky habarlar

Arhiw

Taslamadan amala aşyrylmaga çenli

23:5222.06.2017
0
1966

“Türkmengaz” döwlet konserniniň düzüminde täze önümçilik düzümi – “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” müdirligi döredildi. Oňa konserniň garamagyndaky Tebigy gaz institutynyň taslama bölegi hem-de konserniň düzümleýin bölümlerinden bölünip berlen gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň dördüsi girdi. Hünärmenleriň öňünde ilkinji gezek diňe bir önümçilik we tehnologik taslamalary işläp düzmek däl, eýsem, olaryň önümçilikde gönüden-göni amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň tutuş toplumy goýuldy. Hususan-da, hünärmenler tehnologik resminamalary taýýarlamak hem-de ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik desgalaryny enjamlaşdyrmak boýunça birnäçe möhüm işleri ýerine ýetirdiler.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) geljekki döwletara gazgeçirijisiniň türkmen böleginde müdirligiň taslama düzüjileri taslama-barlag, inžener-gözleg işlerini geçirdiler hem-de Türkmenistanyň çäklerinden geçjek gaz geçirijiniň 214 kilometrlik böleginiň taslama resminamalaryny doly taýýarladylar. Taslama-smeta resminamalary işleriň dört görnüşi: awtomatiki we telemehaniki serişdeler arkaly gaz geçirijileriň  göni bölegini enjamlaşdyrmak, elektrik üpjünçiligi we elektrohimiýa goraglylygy we beýlekiler boýunça ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, bu bölege gysyjy beketleriň ikisini baglamak boýunça taslama işleri amala aşyryldy. Geljekki düzümleýin desgalaryň guruljak meýdançalary, inženerçilik aragatnaşyklarynyň — gaz geçiriji, suw sowujy, elektrik ulgamlarynyň ulanyş ýollarynyň hem-de beýleki ýerüsti kömekçi bölekleriň ugurlary saýlanyldy.

Kärhananyň hünärmenleri enjamlary gurnamak hem-de ýörite turbalarda kebşirleýiş işleri boýunça döwrebap tehnologiýalary özleşdirip, şertnama esasynda ozal guýularyň agzyny oramak işlerini ýerine ýetiren daşary ýurt kompaniýalaryny doly çalyşmagy başardylar. Türkmen gazçylary ilkinji gezek öz güýçleri bilen bir gije-gündizde 2 million kub metr  tebigy gaz  çykýan №280 ulanyş guýusynyň agzynda dünýä ölçegleri boýunça enjamlary, çyzgylary hem-de tehnologik kartlary peýdalanmak arkaly ýokary takyklykda kebşirleme, elektrogurnama hem-de işleriň beýleki görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Halkara derejeleri boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käninde burawlanan bu ulanyş guýusynyň ýanyndaky №№296, 305, 40 guýularyň agyzlarynda enjamlar we abzallar gurnalandan soňra,  guýularyň dördüsi hem eksport gazakdyryjy ulgama birikdiriler.

“Türkmengazinžiniring we gurluşyk” müdirliginiň toparlary Gündogar-Günbatar sebit gaz geçirijisini Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürjek ägirt uly gazhimiýa desgasy bilen birleşdirjek eltýän gaz geçirijini gurnamak işlerini tamamlaýarlar. Ýedi kilometrlik gaz geçiriji boýunça gaýtadan işleýji önümçilige her ýylda 2 milliard kub metre çenli tebigy gaz gelip gowşar. Şol bir wagtda Aşgabat — Daşoguz ýolundan gazhimiýa kärhanasyna çenli eltiji demir ýollaryny çekmek boýunça işler alnyp barylýar. Şol ýoldan ýakyn geljekde ýörite gaplarda taýýar önüm bolan awtomobil ýangyjy gelip gowşar.

Müdirligiň gurluşyk-gurnama bölümleri tarapyndan Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kompaniýalaryň konsorsiumy tarapyndan bina edilýän tebigy gazdan polietilen we propilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumy üçin niýetlenen täsin desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Öz taslama düzüjileriniň çyzgylary boýunça gurluşykçylar kömekçi önümçiligiň ekologiýa taýdan möhüm bölegini – 80 gektardan gowrak meýdany bolan bugardyjy howzy bina edýärler. Olara iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen täsin howzy gurnamak garaşýar. Onuň kömegi bilen daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, esasan, himiýa önümçiliginde ulanylýan tehniki suwlaryň uly möçberlerini dolanuwsyz ýok etmek bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň