Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda biosnougurly polipropilen plýonkalary çykarylyp başlanar

23:5022.06.2017
0
3541

Ýakyn wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda biosnougurly polipropilen plýonkalary çykarylyp başlanar. Bu önüm bütin dünýäde azyk önümlerini gaplamak, bir gezek ulanylýan lukmançylyk serişdeleri üçin, dokma we beýleki pudaklarda peýdalanylýar.

Önümiň täze görnüşi bolan iki dürli (içi görünýän bir gatly hem-de soekstruzion, ýagny köp gatly) gaplaýjy plýonkalary  çykarmagyň özleşdirilmegi Indoneziýanyň “P.T.Istana karang Laut” kompaniýasynyň gatnaşmagynda alnyp barylýar. Bu kompaniýa kärhanada enjamy gurnady hem-de onda işe goýberiş-sazlaýyş işlerini geçirdi.

Bu ýerde çykarylyp başlanjak polipropilen plýonkalary propilen plýonkalaryndan artykmaçlyga eýedir. Olar has berkdir, çünki olaryň üýtgeşik molekulýar düzümi bar. Soekstruzion plýonkalar özüniň gazböwetlikli häsiýetleri hem-de örän oňat ýylylyk döredijiligi bilen tapawutlanýar. Poliamidiň ýörite gatlagy bolsa ony doňdurylmaga niýetlenen harytlar üçin wakuum hem-de ýokary derejede berk gaplary taýýarlamakda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Gatlaklaryň arasyndaky plýonka bozulmaýan möhür basmak bolýar hem-de ony metallaşdyrmak mümkin.

Ulanmaga girizilen biosnougurly polipropilen plýonkalary öndüriji desga zawodyň hünärmenlerine şu ýerdäki nebiti gaýtadan işleýän kärhanada öndürilýän polipropilenden bolan önümleriň görnüşlerini  artdyrmaga mümkinçilik berer. Zawodyň işgärleri ýerli çig maldan dürli görnüşli plýonkalaryň, şol sanda azyk önümlerini we senagat harytlaryny gaplamaga niýetlenen plýonkalaryň ýylda 21 müň tonna çenlisiniň taýýarlanylmagyny ýola goýýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň